Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde emeli aňyň kömegi bilen Hazar deňziniň sanly ekizini döretmek baradaky rus başlangyjy barada çykyş etdi. Bu barada Kremliň resmi saýty habar berýär.
Putiniň aýtmagyna görä, ýokary takyklykdaky wirtual model suwuň bugarmagy, atmosfera ygallary we derýalaryň akymy baradaky maglumatlaryň seljermesine esaslanar. Onuň kömegi bilen Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemeginiň mümkin bolan senariýalaryny hasaplamak, gämi gatnaw ugurlaryny takyklamak we deňiz ulaglarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak mümkin bolar. Russiýa tarapy bu başlangyjy durmuşa geçirmäge hyzmatdaş ýurtlary hem goşulmaga çagyrdy.
Russiýanyň hökümeti Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegini öwrenmek we onuň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany taýýarlaýar. Putiniň sözlerine görä, ylmy barlaglaryň geçirilmegini göz öňünde tutýan 2030-njy ýyla çenli niýetlenen maksatnama laýyklykda Russiýa tarapy şol barlaglaryň netijelerini goňşy ýurtlar bilen paýlaşmagy meýilleşdirýär.
Putin Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar deňziniň suw derejesiniň peselmeginiň sebäplerini anyklamak we deňziň suwy çekilmegi bilen bagly ýaramaz ýagdaýlara garşy toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen ýörite komissiýany döretmek baradaky karary hem goldady.
Russiýanyň Prezidenti şeýle hem "Sirius" ylmy-tehnologik uniwersitetiniň binýadynda Hazar deňzini toplumlaýyn öwrenmäge bagyşlanan halkara bilim maksatnamasynyň açylandygyny habar berdi. Maksatnama ýaş hünärmenlere ekologiýa, ykdysadyýet we innowasiýalar bilen bagly meseleleri öwrenmäge mümkinçilik berer. Putin sebit ýurtlarynyň ýaşlaryny hem bu bilim maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrdy.




33451-495x4352.png)












