Russiýada birnäçe görnüşli wizalary gyssagly resmileşdirmek üçin ýygymlar ýokarlandyryldy

BT
Russiýada birnäçe görnüşli wizalary gyssagly resmileşdirmek üçin ýygymlar ýokarlandyryldy
Russiýanyň Türkmenistandaky iliçihanasy

Russiýa Federasiýasynda 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryndan ýurda girmek üçin käbir wizalary gyssagly resmileşdirmek boýunça konsullyk ýygymlarynyň täze möçberleri güýje girdi. Üýtgetmeler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky 1292 belgili karary bilen tassyklanyp, 2010-njy ýylyň 11-nji noýabryndaky 889 belgili karara degişli düzedişleri göz öňünde tutýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Karara laýyklykda, üç iş gününiň dowamynda wizalary gyssagly resmileşdirmek üçin alynýan konsullyk ýygymlary iki esse ýokarlandy. Üýtgetmeler hususy, işewürlik, ynsanperwerlik we syýahatçylyk wizalaryna, şeýle hem iş wizalaryna we wagtlaýyn ýaşamaga rugsat almak üçin berilýän wizalara degişli bolup, adaty okuw we üstaşyr wizalary üçin bu üýtgetmeler degişli däldir.

Hususy, işewürlik ýa-da ynsanperwerlik maksatly bir gezeklik wizany adaty tertipde resmileşdirmek üçin 80 dollar, iki gezeklik wiza üçin 128 dollar, köp gezeklik wiza üçin bolsa 240 dollar tölenýär. Şol wizalary gyssagly resmileşdirmek üçin bolsa ýygymlar degişlilikde 320, 512 we 960 dollara deň boldy.

Adaty tertipde bir gezeklik syýahatçylyk wizasy 80 dollar, iki gezeklik wiza bolsa 128 dollar möçberinde resmileşdirilýär. Gyssagly tertipde bu ýygymlar degişlilikde 320 we 512 dollara ýetýär. Wagtlaýyn ýaşamaga rugsat almak üçin berilýän wizanyň konsullyk ýygymlary adaty tertipde 160 dollar, gyssagly tertipde bolsa 640 dollar boldy.

Iş wizalary üçin ýygymlar hem ýokarlandy. Bir gezeklik iş wizasy adaty tertipde 160 dollar, iki gezeklik wiza 256 dollar, köp gezeklik wiza bolsa 480 dollar möçberinde resmileşdirilýär. Gyssagly tertipde bu möçberler degişlilikde 640, 1 024 we 1 920 dollara deňdir.

2022