“Azerhalça” we “Türkmenhaly” halyçylykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

BT
“Azerhalça” we “Türkmenhaly” halyçylykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy Akjemal Durdyýewa Emin Mamedowa türkmen el halysyny gowşurýar. Aşgabat. (Surat: “Azerhalça”)

Aşgabatda Azerbaýjanyň “Azerhalça” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Emin Mamedow bilen “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň başlygy Akjemal Durdyýewanyň arasynda duşuşyk geçirilip, taraplar haly dokamak boýunça tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garadylar. Bu barada “Azerhalça” paýdarlar jemgyýetiniň sosial sahypasynda habar berilýär.

Taraplar halyçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň wekilleri türkmen tarapyny ýurtda her ýyl geçirilýän halkara haly festiwalyna gatnaşmaga çagyrdylar.

Halkara haly festiwaly soňky gezek 2025-nji ýylyň maý aýynda geçirilip, oňa 19 ýurtdan wekiller gatnaşdy. Azerbaýjanyň “AZERTAC” habar agentliginiň maglumatyna görä, çäräniň çäklerinde 14 sany milli pawilýon we Azerbaýjanda elde dokalan 500-e golaý haly görkezildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022