Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar

BT
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar
Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýoly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, şeýle hem ýoluň ugrunda ýerleşýän köprüleri döwrebaplaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar.

Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Degişli Karara anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekildi. Döwlet Baştutany mejlisde ýurduň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek arkaly pugtalandyrmak baradaky teklibi hem makullady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС