Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy

BT
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy, 2026-njy ýylyň 4-nji noýabry (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna tehniki pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenen ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Kärhana halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary bilen doly üpjün edilip, önümçilik işi çig maly kabul etmekden we barlaghanada barlamakdan, ony sykma bölüminde gaýtadan işlemekden hem-de soňra arassalaýyş bölüminde ýagy arassalamakdan ybarat bolar. Täze kärhananyň ýagy arassalaýyş bölüminiň kuwwaty günde 50 tonna çig ýagy öndürmäge niýetlenendir.

Kärhanada ýokary hilli ýag guýma we gaplama binasy döredilip, önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilip, ýylda 9 million töweregi bir litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmek göz öňünde tutulýar.

Taslama laýyklykda, önümçilik desgasynyň umumy meýdany 122,5 müň inedördül metr meýdany eýeläp, günde 600 tonna çenli çig maly kabul etmäge niýetlenenip, kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Düýbi tutulan kärhananyň taslamasy ýerli çig malyň gaýtadan işlenilişini artdyrmaga, ösümlik ýagynyň önümçiligini giňeltmäge we içerki bazary ýerli öndürilen önümler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

2022
ENG TM РУС