Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyna bagyşlanan nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Mejlis Hazar deňzi institutynda geçirilip, oňa gatnaşyjylar Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp masalahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde öňe sürüldi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde bilelikdäki ylmy barlaglaryň geçirilmegine esas döretjek aýratyn bäştaraplaýyn ylalaşygy taýýarlamagy teklip etdi.
Bu taslama boýunça gepleşikleriň öňki tapgyrlary Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabatda geçirilýän häzirki mejlisiň taslamanyň galan düzgünlerini ylalaşmak boýunça öňegidişlik gazanmagyna mümkinçilik bermegine garaşylýar.
Ygtyýarly wekilleriň işi 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda tamamlanar.











33733-90x604.png)





