“Türkmenistan – ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleri (USTBC) 4–5-nji noýabrda Aşgabat şäherine işewürlik saparyny eder. Bu barada Geňeşiň resmi web sahypasyda habar berilýär.
Işewürlik wekiliýetiniň sapary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň utgaşdyrmagynda amala aşyrylýar. Işewürlik wekiliýet iki ýurduň hökümetleriniň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşar.
Bu işewürlik sapary Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dowam etdirilýän işewürlik gatnaşyklarynyň nobatdaky tapgyry bolar. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň iýunynda Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart amerikan kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat topar bilen Aşgabatda saparda boldy. Mundan başga-da, iýun aýynyň 3-inde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ABŞ-nyň 10-a golaý kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stol” duşuşygy geçirilip, duşuşykda türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.
“Türkmenistan – ABŞ” Işewürlik geňeşi 2008-nji ýylda döredilip, onuň merkezi edarasy Waşington şäherinde ýerleşýär. Geňeşiň resmi web sahypasynda berilýän maglumata görä, onuň işi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda söwda hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

















