Türkiýäniň dini işler müdirliginiň (Diyanet) başlygy, professor Safi Arpaguş “Arkadagyň ruhy metjidiniň” baş ymamy we metjidiň ýanyndaky ýokary dini okuw mekdebiniň (medresäniň) rektory Ýalkap Hojagulyýewiň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada duşenbe güni Türkiýäniň dini işler müdirligi habar berdi.
Duşuşykda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy, medeni we dini gatnaşyklar, şeýle hem dini bilim we dini hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga “Diyanet” müdürligiň daşary gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň baş müdiri Ensari Ýentürk hem gatnaşdy.
Taraplar bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen talyplarynyň “Diyanet”müdirliginiň talyp haklary maksatnamasy boýunça bilim almagyny guramak meselelerine garadylar.
Mundan başga-da, talyplaryň alyş-çalşygyny ýola goýmak, dini edebiýatlar bilen üpjün etmek we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda özara saparlary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
















