Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar

BT
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar
Hajymyrat Hudaýgulyýew (çepde), Seýed Sattar Haşemi (ortada) we Dosjan Musaliýew (sagda) Dohada geçirilen duşuşykda, 2026-njy ýylyň 10-njy noýabry. (Surat: “IRNA”)

Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we goňşy döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada sişenbe güni Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berdi.

Degişli ylalaşyk Dohada Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU) PP-26 Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň, Eýranyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Seýed Sattar Haşeminiň hem-de Gazagystanyň emeli aň we sanly ösüş boýunça wise-ministri Dosjan Musaliýewiň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda gazanyldy.

Deslapky ylalaşyga laýyklykda, hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary indiki gepleşikleriň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylar. “IRNA”-nyň habar bermegine görä, gutarnykly ylalaşyga ýakyn wagtda gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 9–27-nji noýabr aralygynda geçirilýän ITU-nyň PP-26 maslahatyna gatnaşmak üçin Doha şäherinde saparda bolýar. Forumyň çäklerinde Hajymyrat Hudaýgulyýew ITU-nyň Baş sekretary Doreen Bogdan-Martin, Kataryň Kiberhowpsuzlyk agentliginiň ýolbaşçysy Abdulrahman bin Ali Al-Farahid Al-Malki hem-de Kataryň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Muhammet bin Ali bin Muhammet Al-Mannaý bilen duşuşyklary geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022