Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 18-nji noýabrda daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy pudagyň we logistika kompaniýalarynyň wekilleri üçin iş maslahatyny geçirer. Maslahatda gümrük işinde sanly ulgamlary ulanmagyň täze düzgünleri hem-de gümrük edaralarynyň işi bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň gümrük gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň harytlaryny eksport etmegiň we daşary ýurtlardan import etmegiň hukuk esaslary, gümrük amallaryny geçirmegiň tertibi hem-de halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplar bilen bagly soraglar boýunça hukuk kömegi berler.
Iş maslahaty sagat 10:00-da Halkara gümrük terminalynyň çäginde ýerleşýän Aşgabat şäher gümrükhanasynyň mejlisler zalynda başlanar.
Iş maslahaty boýunça goşmaça maglumaty “Sorag-jogap” gullugy ýa-da 39-41-39 telefon belgisi arkaly almak bolýar.















