COP31: Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurduň ekologik başlangyçlary tanyşdyrylýar

BT
COP31: Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurduň ekologik başlangyçlary tanyşdyrylýar
COP31 çäklerinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony, Antalýa, Türkiýe (Surat: Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy)

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň ekologik başlangyçlaryny, ykdysady mümkinçiliklerini we tebigy baýlyklaryny halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrýan milli pawilýony görkezilýär. Bu barada Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan milli pawilýonda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýurduň tejribesi hem-de mümkinçilikleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy türkmen telekeçileriniň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, daşary ýurtly işewürler bilen täze gatnaşyklary ýola goýmaga we ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň milli pawilýony ýurduň daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС