Türkmenistan we Türkiýe COP31-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Türkiýe COP31-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň TOBB-yň prezidenti Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu bilen COP31-iň çäklerinde geçiren duşuşygy. Antalýa, 2026-njy ýylyň 12-nji noýabry. (Surat: TOBB)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow 12-nji noýabrda Antalýada geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkiýäniň Söwda edaralary we Haryt biržalary birleşiginiň (TOBB) prezidenti Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TOBB-yň resmi sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistan COP31 maslahatanyň çäginde guralan sergide ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan, Türkmenistanyň tebigy baýlyklary, daşky gurşawy goramak we ekologiýa boýunça başlangyçlary bilen tanyşdyrýan milli pawilýonyny hödürledi.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ISESCO) baş direktory, BMG-niň Ýokary wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hem-de Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda bilim, ylym, daşky gurşawy goramak, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek we Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin klimat tehnologiýalary merkezini döretmek başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

COP31-iň çäklerinde 11-nji noýabrda geçirilen Liderleriň sammitine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edip, howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny beýan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022