Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildli Lord Wudyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) nobatdaky mejlisiniň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýändigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy dialogy dowam etdirmek, ýokary derejeli saparlary we duşuşyklary geçirmek, bilim hem-de medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
















