Aşgabatda türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi geçiriler

BT
Aşgabatda türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildli Lord Wudyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildli Lord Wudyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) nobatdaky mejlisiniň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýändigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy dialogy dowam etdirmek, ýokary derejeli saparlary we duşuşyklary geçirmek, bilim hem-de medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildli Lord Wudyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022