Yslamabatda türkmen-pakistan hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçiriler

BT
Yslamabatda türkmen-pakistan hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçiriler
Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri, 2024-nji ýylyň 23-nji iýuly. (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Yslamabat şäherinde 17-nji noýabrda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçiriler. Mejlise gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Yslamabat şäherine gulluk iş sapary meýilleşdirilip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow toparyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň öňde boljak mejlislere gatnaşmak üçin Yslamabat şäherine iş saparyna taýýarlyk görşi barada hasabat berdi. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde 7–11-nji noýabr aralygynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, nebitgaz pudagynda, senagatda, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygynda, ulag ulgamynda, şeýle-de ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň wideomaslahatlary geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, hökümetara toparyň duşuşygynda ýokarda agzalan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garamak meýilleşdirilýär. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, toparyň mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň we onuň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň çäklerinde Yslamabatda 15–16-njy noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň 30-njy mejlisine hem gatnaşar. Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda söwda, ulag we energetika ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça piker alşylyp, onuň netijeleri boýunça Yslamabat Jarnamasyny we “Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary — 2035” atly resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022