Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden umumy bahasy 345 million manada deň bolan BND 60/90 kysymly şepbeşik ýol nebit bitumyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Şeýle hem içerki bazarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2 million 310 müň manada deň bolan buýan kökünden alynýan arassalanmadyk glisirrizin kislotasyny satyn aldy.
Daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Owganystanyň telekeçileri 251 müň 250 ABŞ dollaryna birinji hilli arassalanan pagta ýagyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bolsa 690 müň ABŞ dollaryna çig nah matany satyn aldylar.
TDHÇMB-nyň sişenbe güni geçirilen birža söwdalarynyň dowamynda jemi 347 million 310 müň manatlyk we 947 müň 250 ABŞ dollarlyk bäş geleşik baglaşyldy.

















