Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Ýewropanyň birža söwdalarynyň tejribesini öwrenýär

BT
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Ýewropanyň birža söwdalarynyň tejribesini öwrenýär
TDHÇMB-nyň wekiliýetiniň Pariž şäherinde “Euronext” biržasynyň wekilleri bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 23-nji noýabry (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy).

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatow duşenbe güni Pariž şäherinde Ýewropanyň “Euronext” biržasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda haryt bazarlaryny guramakda tejribe alyşmak, elektron söwda ulgamlaryny ösdürmek, geleşikleriň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak we sanly tehnologiýalary emeli aň arkaly ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.

“Euronext” biržasynyň baş edarasynda geçirilen gepleşiklere Ýewropa tarapyndan biržanyň syýasat meseleleri boýunça direktory we ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Ýakub Mihalik, şeýle-de oba hojalyk haryt bazarlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Robin Mezonnýow gatnaşdy.

Türkmen wekiliýeti biržanyň alyp barýan işleri, ýurduň daşary söwdasyndaky orny we birža infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalary barada maglumat berdi. “Euronext” biržasynyň wekilleri bolsa çig mal harytlary boýunça fýuçersler we opsionlar bilen söwda etmek, şeýle-de maliýe önümleriniň emele gelen görnüşleriniň bazaryny düzgünleşdirmek babatda öz tejribelerini paýlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda geleşikleriniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak, nyrh töwekgelçiliklerini dolandyrmak we sanly tehnologiýalary, hususan-da, emeli aňy ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak meselelerine hem garadylar.

Duşuşygyň netijesinde taraplar hünär dialogyny we tejribe alyşmagy dowam etdirmäge, ilkinji nobatda, elektron söwda infrastrukturasyny ösdürmek we birža bazarlaryny düzgünleşdirmegiň Ýewropa mehanizmlerini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС