Türkmenistan çarşenbe güni Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) “Şuşa – 2026-njy ýylyň syýahatçylyk paýtagty” maksatnamasynyň jemleýji dabarasynyň çäklerinde geçirilen sergide özüniň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentligi habar berdi.
Dabara Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň wekiliýetleri gatnaşdy. Serginiň çäklerinde oňa gatnaşýan ýurtlaryň hersiniň öz milli diwarlygy guralyp, onda her döwletiň syýahatçylyk mümkinçilikleri, medeni mirasy we syýahatçylygy ösdürmek üçin şertleri tanyşdyryldy.

Jemleýji dabaranyň dowamynda YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň dowamynda Şuşa şäherinde geçirilen işler barada hem tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Maksatnamanyň tamamlanmagy bilen, guramanyň 2027-nji ýyldaky syýahatçylyk paýtagty derejesi Pakistanyň Lahor şäherine berildi.
Şuşa şäherine 2026-njy ýyl üçin YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty derejesi gurama agza döwletleriň syýahatçylyk ministrleriniň 2023-nji ýylda geçirilen bäşinji duşuşygynyň netijesinde berlip, 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde maksatnamanyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

















