Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek haly sergisine çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek haly sergisine çagyrylýar
ICFE “Halkara haly we ýer örtükleri” sergisi, 2026-njy ýylyň 6-9-njy ýanwary, Stambul, Türkiýe (Surat: ICFE)

Türkmen telekeçileri 2027-nji ýylyň 6–9-njy ýanwary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek ICFE “Halkara haly we ýer örtükleri” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Aşgabatdaky Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynyň Söwda boýunça geňeşligi habar berýär.

Stambul sergi merkezinde geçiriljek halkara çäräniň dünýäniň dürli ýurtlaryndan öndürijileri, eksportçylary we pudak wekillerini bir ýere jemlemegine garaşylýar. Sergi täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýol açar.

ICFE “Halkara haly we ýer örtükleri” sergisiniň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, çäräni TÜYAP sergi guramaçylyk kompaniýasy Stambulyň Haly Eksportçylary Birleşigi we Günorta-Gündogar Anadoly Haly Eksportçylary Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraýar.

2026-njy ýylda bu halkara sergä 21 ýurtdan 445 kompaniýa we olaryň wekilleri gatnaşyp, 127 ýurtdan 31 müňden gowrak myhman baryp gördi.

Türkiýede geçiriljek haly we ýer örtükleri sergisinde elde we maşyn arkaly dokalan halylar, kilimler, namazlyklar, dokma we beýleki materiallardan öndürilen pol örtükleri, laminat, agaç we parket önümleri, tebigy daş, mermer, keramiki plitalar, emeli gazonlar hem-de sport meýdançalary üçin örtükler görkeziler. Şeýle hem sergä gatnaşyjylara süýümler, ýüplükler we dokma enjamlarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Sergi barada goşmaça maglumatlary www.icfexpo.com web sahypasyndan alyp bolýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС