Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landauny kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde duşenbe güni habar berilýär.
Kristofer Landau duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, ABŞ-da Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem ol ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýar.
Türkmenistanyň Prezidenti syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, ýokary derejedäki özara saparlaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanynyň geçen ýylyň noýabrynda "5+1" formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Amerikanyň Waşington şäherine saparynyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň fewral aýynda Florida ştatyna saparynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem netijeli hyzmatdaşlygyň esasynda yzygiderli ösdürilýär. Duşuşykda iki ýurduň arasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, söwda dolanyşygyny artdyrmagyň we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ýaşyl energetika, sanly ykdysadyýet we emeli aň ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy artdyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.












