$2.3 milliardlyk awtobanyň gurluşygyna başlandy

BT
$2.3 milliardlyk awtobanyň gurluşygyna başlandy

24-nji ýanwarda Aşgabadyň golaýynda Türkmenistanyň günortasy bilen gündogaryny birikdirjek Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Onuň gurluşygyny ýerli türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döredilen we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti alyp barar.

Umumy uzynlygy 600 kilometre, ini 34,5 metre barabar boljak ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi gündogar tarapdan gelýän ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.

“Türkmen Awtoban” ÝGPJ-niň buýurmasy boýunça “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy hem-de “Hyzmat merkezi”, “Oguz ýoly”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan guruljak awtoban Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar. Onuň başlanýan ýerinde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy hem ýerleşer. Awtobanyň ugrunda tehniki hyzmat bölümleri, ýol hyzmat gulluklary hem göz öňünde tutuldy. Umumy bahasy 2 milliard 300 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu awtobanyň gurluşygyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär.

Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek boýunça giň göwrümli taslamanyň bölegi hökmünde, mundan öň Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transmilli polat ýoly, Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleri, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) demir ýoly, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz porty guruldy. Aşgabat – Türkmenabat awtobany hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi hasaplanýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022