“Danieli” TSTB-e polat erediji önümçiligi döretmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

“Danieli” TSTB-e polat erediji önümçiligi döretmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
"Danieli" kompaniýasynyň işi ulanyşa taýýar metallurgiýa kombinatlarynyň gurluşygyny hem öz içine alýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Danieli S.p.A” italýan kompaniýasynyň wise-prezidenti Renato Pesano bilen duşuşyk geçirilip, meýilleşdirilýän metallurgiýa zawodynyň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TSTB habar berýär.

14-nji maýda geçirilen duşuşykda TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýew myhmana türkmen telekeçileriniň geljegi bolan taslamalary, olaryň hatarynda ýurduň baý tebigy-çig mal resurslarynyň özleşdirilmegi, olary gaýtadan işlemek boýunça döwrebap ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň görnüşleriniň artdyrylmagy hakynda maglumat berdi.

“Danieli” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekili dünýä belli kompaniýanyň  tanyşdyrylyşyny geçirdi. Kompaniýanyň esasy işi demir magdany gazyp çykarmakdan, çoýny we polady eretmekden ahyrky önümiň önümçiligine, ulanyşa taýýar metallurgiýa kombinatlarynyň gurluşygyna çenli ähli tehnologik gerimi eýeleýär.

Taraplar Türkmenistanda polat erediji kärhanasynyň gurluşygy boýunça geljegi bolan maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini demir-magdan çig malynyň möçberini we onuň düzümleýin komponentleriniň derňewini nazara almak bilen bilelikde öwrenmek hakynda ylalaşdylar.

“Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň demirgazygynda, Çagyl ýatagynda demir magdanynyň iri käni (takmynan 70-75 million tonna) tapyldy. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça demir-magdan çig malynyň düzüminde demiriň 20 göterimi bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022