“Toşibanyň” täze enjamlary keselleri takyklamaga mümkinçilik berer

“Toşibanyň” täze enjamlary keselleri takyklamaga mümkinçilik berer
“Toşiba” kompaniýasynyň täze kompýuter tomografy işe girizildi.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde saglygy goraýyş edaralaryny maddy taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Daşoguzyň köpugurly welaýat hassahanasynda keseli has takyk anyklamaga mümkinçilik berýän Ýaponiýanyň meşhur “Toşiba” kompaniýasynyň täze kompýuter tomografy işe girizildi.

Şeýle hem “Toşiba” kompaniýasynyň magnit-rezonans tomografy we rengenoskopiýa enjamlarynyň ikisi welaýat hassahanasynyň lukmançylyk enjamlarynyň üstüni ýetirdi.

Geçen ýyl bu hassahananyň oftalmologiýa, proktologiýa we otolaringologiýa bölümlerine dürli keselleri anyk kesgitlemäge we bejermäge mümkinçilik berýän täze döwrebap enjamlar, şol sanda lazer enjamlary hem gelip gowuşdy.

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

 

2022