“Türkmennebit” britan kompaniýasyndan enjam satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” britan kompaniýasyndan enjam satyn alar
Şu ýylyň geçen alty aýynda hereket edýän guýulardan çykarylan “gara altynyň” möçberi 174 müň 262 tonna deň boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni Beýik Britaniýanyň “Professional & Broadcast Digital Systems Ltd” kompaniýasyndan ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlary satyn alar.

Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Professional & Broadcast Digital Systems Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen çykarylan Kararyň taslamasy duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow tarapyndan hödürlendi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda ýöriteleşdirilen tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek arkaly nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

“Professional & Broadcast Digital Systems Ltd” kompaniýasy 1997-nji ýylda esaslandyrylyp, dürli enjamlaryň satuwy we ýaýlyma beriş hyzmatlary ugurlarynda iş alyp barýar.