Türkmenistan Astrahan oblastyna pomidorlaryň ilkinji tapgyryny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Astrahan oblastyna pomidorlaryň ilkinji tapgyryny iberdi
Türkmen pomidorlarynyň ilkinji tapgyry “Bagtyýar” parom gämisinden düşürilýär, Astrahan, Russiýa. (Surat: a24.press)

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly deňiz ulagynda Russiýanyň Astrahan oblastynyň Olýa deňiz portunyň gümrük nokadyna getirildi. Bu barada Astrahanyň resmi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri penşenbe güni habar berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda pomidor hasyly ýüklenen 40 ýük awtoulagy öz içine alýan bu paromyň gämi gatnawy iki ýurduň arasynda deňiz daşamalaryny ösdürmekde möhüm tapgyr bolup durýar.

Tiz zaýalanýan önümleriň durnuklylygyny saklamak maksady bilen bu önümi daşamakda ýörite amatly howa we çyglylyk gurşawyny döredýän ýük konteýnerleri ulanyldy.

Habarda bellenişi ýaly, parom gämisi 800 tonna belarus peýnirlerini, Russiýada öndürilen süýt önümlerini we beýleki harytlary alyp Türkmenistana dolandy.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Russiýa Federasiýasynyň “Lotos” ýörite ykdysady zolagy” paýdarlar jemgyýeti geçen ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Astrahan oblastynyň ýörite port ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022