Türkmenbaşy halkara deňiz portunda haryt dolanyşygy boýunça pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy halkara deňiz portunda haryt dolanyşygy boýunça pikir alşyldy
Halkara deňiz portunda ýükleri 3 ýyla çenli gümrük paçlary alynmasyz, 30 gije-gündizden 45 gije-gündize çenli mugt saklamak göz öňünde tutulan.

Türkmenbaşy halkara deňiz portundaky gümrük postunyň edara binasynda Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly daşalýan harytlaryň dolanşygyny kämilleşdirmek boýunça okuw-maslahaty geçirildi.

Döwlet gümrük gullugynyň seljeriş bölümi tarapyndan gurnalan bu çärä gümrük postunyň şahsy düzümi, Türkmenistanyň serhet, migrasiýa gulluklarynyň, “Türkmendeňizderýaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döredilen "Türkmen logistika assosiasiýasy" hojalyk jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar deňiz porty arkaly harytlaryň daşalyşyny kämilleşdirmek babatda öňde duran meseleler barada pikir alyşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük işini döwrebap guramak boýunça Gümrük gullugynda alnyp barylýan işler barada diňleýjilere giňişleýin maglumat berildi.

2018-nji ýylyň maý aýynda açylan täze Halkara deňiz portunda ýükleri 3 ýyla çenli gümrük paçlary alynmasyz, 30 gije-gündizden 45 gije-gündize çenli mugt saklamak göz öňünde tutulan. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty geçen ýylyň awgust aýynda “gümrük ammarlary” işleri üçin degişli ygtyýarnamany aldy.

Logistikanyň esasy maksady bolan tiz we ynamly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin portuň düzüminde döwlet edaralarynyň binalary ýerleşdirilen. Bulardan migrasiýa we gümrük gullugynyň binalary, şeýle-de demir ýol hereketini dolandyryş merkezi Türkmenbaşy portundan geçýän ýükleri bellenen ýerlerine has tiz ýagdaýda eltip bermek boýunça işleri alyp barýar.