Ermenistan türkmen gazyny satyn almak boýunça yzygiderli gepleşikler geçirýär. Ermenistanyň “News” habar agentliginiň beýan etmegine görä, bu barada çarşenbe güni Milli Ýygnagyň metbugat maslahatynda parlamentiniň sebitleýin we Ýewraziýa gönükdirilen hemişelik Komissiýasynyň ýolbaşçysy, “Ösýän Ermenistan” partiýasynyň deputaty Mikael Melkumýan belläp geçýär.
Deputatyň aýtmagyna görä, Araçägi dolandyryş we infrastruktura ministri Suren Papikýanyň Eýrana bolan saparynda ýurduň Energetika ministri bilen duşuşdy; gazy satyn almak meselesi boýunça gepleşikler dowam edýär.
“Häzirki wagtda bu ulgam işlemeýär, ýöne hökman durmuşa geçer. Onuň maksatlarynyň biri hem Türkmenistandan başlap, Eýrana, Ermenistana, Gruziýa we Russiýa barjak umumy energiýa geçelgesini döretmekden ybaratdyr” diýip, Melkumýan sözüni aýdyňlaşdyrdy.
Şeýle hem deputat bu ulgamyň tiz wagtda durmuşa geçirmegiň üstünde işlenilýändigini aýdyp, “Eýran hem bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen gyzyklanýar” diýip belledi.
Sentýabr aýynda hem türkmen “Mawy altynyny” Eýran bilen alyş-çalyş etmek barada agzalyp geçilipdi. Şonda Ermenistanyň Eýrandaky ilçisi Artaşes Tumanýan ermeni parlamentinde eden çykyşynda: “Biz türkmen gazyny alyp, ony eýran gazy bilen çalşyp bileris. Bu gurluş gyzyklanýan degişli taraplar üçin hem bähbitli bolar” diýipdi.
Tumanýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň gazyny Eýranyň gazy bilen çalyşmak shemasynyň üstünde işlenip bilner, bu gurluş gyzyklanýan taraplaryň gaz bazaryndaky ýagdaýlaryna oňyn täsir eder.
Gazy alyş-çalyş etmek shemasynda türkmen gazy Ermenistana akdyrylman, Eýranyň demirgazyk sebitine goýberiler. Ermenistan bolsa, mawy ýangyjy Eýran serhedinden, ozal bar bolan geçirijiden almagyny dowam eder.