Türkmenistanyň içerki bazary üçin nebit önümleriniň möçberi tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň içerki bazary üçin nebit önümleriniň möçberi tassyklanyldy
Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Resminama “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen gol çekildi.

Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ähmiýetli orun eýeleýändigini belläp, nebitiň hem-de tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän, şeýle hem dürli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar-oktýabr döwri üçin 2 mln. 533.7 müň tonna dürli nebit önümleriniň daşary ýurtlara eksporty amala aşyryldy. Geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda tebigy gazdan öndürilýän sintetiki benziniň eksporty ýola goýuldy. Bu ýangyjyň daşarky bazara 48.8 müň tonnasy eksport edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022