“Kawasaki” gazdan benzin öndürýän zawoda dolandyryş hyzmatyny berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kawasaki” gazdan benzin öndürýän zawoda dolandyryş hyzmatyny berer
“Kawasaki Heavy Industries, Ltd” kompaniýasy döwrebap toplumyň gurluşygyny Türkiýäniň “Rönesans” kompaniýasy bilen bilelikde alyp bardy.

Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries, Ltd” kompaniýasy Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody dolandyrmakda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

“Türkmengaz” döwlet konsernine ýapon kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak barada ygtyýar bermek hakyndaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni gol çekdi.

“Kawasaki Heavy Industries, Ltd” kompaniýasy döwrebap toplumyň gurluşygyny Türkiýäniň “Rönesans” kompaniýasy bilen bilelikde alyp bardy.

Geçen ýylyň iýun aýynda açylan iri desga ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan we beýleki ýurtlaryň dünýä belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edildi.

Kärhanada ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemek we EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022