Türkmenbaşy jins toplumy 1.8 million önümiň tikilýän fabrikler kompleksidir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy jins toplumy 1.8 million önümiň tikilýän fabrikler kompleksidir
Toplumda 3 müňe golaý adam zähmet çekip, olar ýylyň dowamynda 1 million 875 müň jins önümlerini öndürýär.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýän Türkmenbaşy jins toplumy ýurduň dokmaçylyk pudagynda iň iri kärhanalaryň biridir diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde fabrigiň işi barada beýan edilýär.

Dünýä belli “Collin’s’, “Zolla, “Modis” kompaniýalaryň sargytlary Türkmenbaşy jins toplumynda ýerine ýetirilýär. Şeýle-de dünýäniň ençe ýurduna toplumyň jins matasyndan tikilen önümleri eksport edilýär.

Jins toplumynda iň soňky harydy öndürmek işi ilki bilen çig pagtadan pagta süýümini almakdan başlaýar. Bu proses ýumşatmak, garyşdyrmak, arassalamak, daramak, agdarmak we egirmek we preslemek işlerinden ybarat bolup, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Netijede çig pagta arassa, berk we ýokary hilli pagta süýümine öwrülýär.

Soňra pagta süýümi toplumyň hünärmenleri tarapyndan tejribehanada ähli tarapdan barlagdan geçýär. Barlagdan soň süýüm toplumyň reňk beriji sehine iberilýär.

Reňk beriji bölüminde 75 adam üç çalşykda zähmet çekýär. Bir çalşykda 12 müň metr ýüplük gök reňke boýalýar, reňkiň guýluşy we gözegçiligi kompýuter arkaly amala aşyrylýar. Soňra reňklenen ýüplük mata önümçilik sehine iberilýär.

Tikinçilik fabrigi

Bu ýerde esasy gural tikin maşynlarydyr. Toplumyň tikinçilik fabriginde Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň enjamlary oturdylandyr. Sehde iki çalşykda 900-den gowrak zenan işgär zähmet çekip, önümçiligiň dowamynda jins matasyndan dürli görnüşli jalbarlary, köýnekleri, keltekçeleri we kelte balaklary tikýärler.

“Biziň “BEDEW” haryt nyşanly jins önümlerimiz Russiýa, Ukraina, Türkiýe, Gazagystan we beýleki Ýewropa we Aziýa döwletlerine eksport edilýär” diýip, tikinçilik fabriginiň direktorynyň orunbasary Olga Sigitina aýtdy.

Türkmenbaşy jins toplumynda döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi bilen bir hatarda öndürilýän önümleriň hiline we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna gabat gelmegine uly üns berilýär. Munuň bilen baglylykda toplum ISO 9001 “Önümçilik dolandyryş we hil gözegçilik ulgamy”, ISO 14001 “Daşky gurşawy goramak” we OHSAS 18001 “Kärhanada zähmet hukuklaryny goramak we tehniki howpsuzlyk üpjünçiligi” sertifikatlaryna eýedir.

Şeýle-de, bu ýerde WRAP “Egin-eşik önümçiliginde bütindünýä derejesindäki jogapkärçilik” standarty ulanylýar.

Toplumda innowasion tehnologiýalary hem ulanylýar. Muňa mysal edip lazer sehini getirmek bolar. Bu ýerde lazeriň kömegi bilen 90 sekundyň dowamynda jins önümlerine dürli nagyşlar, gradientler, nyşanlar we beýleki şekiller goýulýar.

Türkmenbaşy jins toplumy tapgyrlaýyn guruldy. 1995-nji ýylda reňk beriji we dokmaçylyk fabrikleri işe girizilen bolsa, 1997-nji ýylda egirme we tikinçilik fabrikleri ulanyşa berildi. Toplumyň umumy tutýan meýdany 21.5 gektar bolup, bu ýerde ýylda 9 müň tonna ýüplük, 17 müň inedördül metr mata we 1 million 875 müň jins önümleri öndürilýär. Toplumda 3 müňe golaý adam zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022