Eýranyň ilçisi: Tähran we Aşgabat ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýyndyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň ilçisi: Tähran we Aşgabat ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýyndyr
Türkmenistanyň we Eýranyň resmi adamlary önümçilik we hyzmat pudagyndaky 200 kompaniýanyň gatnaşmagynda martda geçirilen sergide ykdysady gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Tähran we Aşgabat ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýärler diýip, anna güni Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halese salgylanyp, IRNA agentligi habar berýär.

Agentlik bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň ilçisi önümçilik we hyzmat pudagyndaky 200 kompaniýanyň gatnaşmagynda mart aýynda gurnalan türkmen telekeçileriniň sergisiniň çäginde bu mesele boýunça pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Ilçi bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem gatnaşandygyny belledi.

Ilçiniň bellemegine görä, iki tarap hem Eýranyň oba hojalyk, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, derman, syýahatçylyk we azyk senagat pudaklary we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi ýaly ykdysady mümkinçilikleri boýunça gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

Eýran diplomaty bu gepleşiklerde iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürjekdigine ynam bildirendigini aýtdy.

Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylda sebitde söwdany ýeňilleşdirmek üçin işe girizildi.

2022