Rus kompaniýasy bilen türkmen demir ýollary gatnaşyklary giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýasy bilen türkmen demir ýollary gatnaşyklary giňeldýär
Web-pikir alyşmalaryň çäginde abatlaýyş we lokomotiw işçiler toparlaryny okatmagyň mümkinçilikleri barada maslahat edildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Russiýanyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda penşenbe güni gepleşikler geçirildi.

Taraplar önümçilik, teplowozlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek hem-de hyzmat etmek meselelerine garadylar.

Duşuşygyň barşynda wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassyklap, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Web-pikir alyşmalaryň çäginde abatlaýyş we lokomotiw işçiler toparlaryny okatmagyň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.

Russiýanyň ulag gurluşygy bazarynda öňdäki orny eýeleýän “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde Russiýada we beýleki ýurtlarda 15 gurluşyk-gurnama kärhanalary bardyr. Kompaniýa 30-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022