Ýapon banky Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmegini dowam eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýapon banky Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmegini dowam eder
Onlaýn maslahatda taraplar Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Döwlet daşary ykdysady iş bankynda çarşenbe güni Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onlaýn maslahatda taraplar Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen birnäçe karz şertnamasyny baglaşan ýapon bankynyň möhüm orny bellendi.

Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we sil akymlarynyň öňüni almak hem-de olary ilatly ýerlerden çykarmak boýunça ýapon hyzmatdaşlary bilen tejribe alşyldy.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny goldamak bilen ýapon tarapy özleriniň işewürlik gurluşlarynyň we maliýe guramalarynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Döwlet daşary ykdysady iş banky 2013-nji ýylda JBIC bilen hyzmatdaşlyk boýunça şertnama gol çekdi. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky umumy bahasy $1 milliard 700 milliona golaý bolan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň taslamasyny maliýeleşdirmäge hem gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022