Türkmen kärendeçisi öz hasylynyň önümlerini gaýtadan işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärendeçisi öz hasylynyň önümlerini gaýtadan işleýär
Öndürilýän önümler “Noş”, “Tamada”, “Özbakjam” haryt nyşany bilen sarp edijilere ugradylýar.

Gök we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirýän “Parasatly” daýhan hojalygy bu ekinleri gaýtadan işläp, dürli görnüşli azyk önümlerini öndürýär. Häzirki wagtda hojalykda 2019-njy ýylyň hasylyndan öndürilen pomidor goýultmasyny dürli ölçegdäki aýna gaplara gaplamak işleri alnyp barylýar. Bu barada “Biznes Reklama” gazeti habar berýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän daýhan hojalygy 2014-nji ýyldan bäri öz ýyladyşhanasynda hyýar we pomidor ýetişdirýär.Şeýle hem kompaniýa gök-miwe önümlerini özüne degişli konserwirleýän zawodda 2015-nji ýyldan bäri pomidory gaýtadan işlemek bilen, birinji hilli pomidor goýultmasyny öndürýär. Döwrebap zawodda öndürilýän önümler “Noş”, “Tamada”, “Özbakjam” haryt nyşany bilen sarp edijilere ugradylýar.

Hojalyk 2009-njy ýylda döredilip, ol 10 gektar ýerde gök-önümleri ösdürmek bilen bir hatarda, miweli baglardan hem hasyl ýygýar we olary gaýtadan işleýär.

Öz öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrýan kompaniýa “Noş” ady bilen ajy we süýji üwmeji we pomidor pýuresini öndürmegi hem ýola goýdy.

“Parasatly” daýhan hojalygy bäş gektar ýerde ýylda 200 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumyny gurdy we doly derejede işe girizdi. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalygynda 280-e golaý iri şahly mal bar we geljekde mallaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Mallary bol ot-iým bilen üpjün etmek üçin 300 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýerde arpa, ýorunja, siloslyk mekgejöwen ýaly ekinler ekilip, mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin işler sazlaşykly ýola goýuldy.

Geljekde hojalyk mallaryň baş sanyny artdyryp, ýerli bazarlara elýeter bahalardan et önümlerini we buglanan eti ýörite gaplara-gaplap, hödürlemegi maksat edinýär.