Türkmenistanda sementiň täze görnüşlerini öndürmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda sementiň täze görnüşlerini öndürmek meýilleşdirilýär
Häzirki wagtda 400-G20-K görnüşli portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynda sementiň täze görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Wise-premýer Durdylyýewiň habar bermegine görä, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde sementiň önümçiliginde aktiw mineral goşundylaryny ulanmak boýunça netijeli çäreleri gördi.

Häzirki wagtda 400-G20-K görnüşli portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

Önümçilik üçin zerur bolan aktiw mineral goşundy – bazalt porfiritleri Balkan kän müdirliginiň hasabynda duran “Ufra” ýatagyndaky dag jynslaryndan alynýar. Bu minerallar fiziki-himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement çykarmaga mümkinçilik berýär.

Sementiň ýokarda agzalan görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy zawodlarda ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny 20 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak üçin ähli amatly şertler, ilkinji nobatda bolsa, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň dürli görnüşleriniň uly gorlarynyň bardygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle-de transkontinental ugurlary babatda ýurtda gurlan awtoulag köprüleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, köprüleriň kadaly ulanylmagynda hem-de wagtly-wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginde käbir kemçiliklere ýol berilýändigi sebäpli, wise-premýeriň bu ugurda alyp barýan işine nägilelik bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer Durdylyýewden ulaglaryň gatnawlaryny artdyrmak hem-de döwrebap ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek maksady bilen, ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan, halkara ölçeglere gabat gelýän köprüleriň talabalaýyk saklanylyşyna hem-de wagtynda abatlanylmagyna degişli meselelere berk gözegçilik etmegi talap etdi.

2022