Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagy meýilleşdirýär
Bütindünýä söwda guramasyna dünýäniň 164 döwleti agza bolup, 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär. (Surat: “The Business Times”)

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreler görýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa BSG boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

BSG bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we bu guramanyň işine gatnaşmak bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda Hökümet topary döredilipdi.

Bu toparyň mejlisleriniň hem-de BSG-niň degişli wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen pikir alyşmalaryň netijeleri boýunça ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň bu gurama synçy bolup gatnaşmagy milli ykdysadyýetiň kämilleşmegine has amatly mümkinçilikleri döretjekdigi anyklanyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň geljegi bilen bagly meselelere ünsi çekip, halkara gatnaşyklary ösdürmekde söwda ulgamynyň tutuş ykdysady ulgama uly täsir edýändigini, önümçilik pudaklaryny bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, innowasion marketing çemeleşmelerini ulanmaga höweslendirýändigini belledi.

BSG dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we bu ugurda halkara kadalaryny düzmek hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr.

Häzirki wagtda Bütindünýä söwda guramasyna dünýäniň 164 döwleti agza bolup durýar. Şeýle-de 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär.