Türkmen banklary galtaşyksyz töleg tehnologiýalaryny ornaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklary galtaşyksyz töleg tehnologiýalaryny ornaşdyrýar
Galtaşyksyz tölegler “RFID” we “NFC” tehnologiýalary arkaly işleýär.

Türkmenistanyň bank ulgamynda galtaşyksyz töleg tehnologiýasyny we “QR kod” tehnologiýasyny işe girizmek üçin programma üpjünçilik enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak ugry kesgitlenildi.

Bank ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde alnyp barylýar.

Galtaşyksyz tölegler “RFID” (radio ýygylyk boýunça kesgitlemek) we “NFC” (golaý gatnaşyksyz aragatnaşyk) tehnologiýalary arkaly işleýär.

Galtaşyksyz tölegleriň ýene bir görnüşi “QR kod” tehnologiýasy arkaly ýerine ýetirilýän töleglerdir. Bu tehnologiýanyň üsti bilen tölegler ýörite “QR kody”, ýagny “dessin tassyklanylýan kody” skanirlemek arkaly ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda galtaşyksyz bank kartlary Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan hem dolanyşyga girizilýär. Mysal hökmünde, “Senagat” we “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banklarynyň kartlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Visa”, “MasterCard” halkara bank kartlaryny görkezmek bolar.

 

2022