Türkmen resmileri “UK Export Finance” bilen gepleşik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen resmileri “UK Export Finance” bilen gepleşik geçirdi
Beýik Britaniýanyň gaznasy, London

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde anna güni Beýik Britaniýanyň “UK Export Finance” Döwlet eksport-karz agentliginiň wekilleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklere Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, “UK Export Finance” agentliginiň hünärmenleri, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy.

Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar maliýe pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini we ýörite maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

““UK Export Finance” agentligi britan kompaniýalaryna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde we hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmekde ýardam bermäge taýýardyr” diýip, agentligiň wekili Womik Şah aýtdy.

Şu ýylyň fewral aýynda hem London şäherinde türkmen wekiliýeti bilen “UK Export Finance” agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, onda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni we beýleki edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022