Türkmenistanyň we Ysraýylyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda duşenbe güni geňeşmeler geçirilip, onda diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň, şeýle-de türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özara hereket etmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda gürrüň etmek bilen taraplar agrar pudagyna, saglygy goraýyşa hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alşylmagyna aýratyn üns berdiler.
Şonuň ýaly-da onlaýn gepleşiklerde diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine seredip, bu ugurdaky özara hereketleri ösdürmegiň wajyplygyny aýratyn belläp geçdiler.