Rus kompaniýalary türkmen himiýa pudagyna maýa goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýalary türkmen himiýa pudagyna maýa goýmakçy
Russiýanyň kompaniýalary desgalary düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşar.

“Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryny Russiýanyň kompaniýalarynyň maýa goýumlaryny çekmek arkaly düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli “Maryazot”-yň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 450 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendigi barada habar berildi. Kärhana ammiak öndürýän iki sany sehden ybaratdyr. Tehnologik enjamlaryň könelendigi sebäpli, kärhanany taslama kuwwatyna çykarmak üçin onuň esasy önümçiliklerini düýpli abatlamagyň zerurlygy ýüze çykdy.

Döwrebaplaşdyrmak işleri Russiýanyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak barada 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasynda göz öňünde tutuldy.

Russiýanyň birnäçe paýdarlar jemgyýetleriniň teklipleri giňişleýin öwrenildi hem-de azotly dökünleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdaky uly tejribesi göz öňünde tutulyp, bu taslama maksada laýyk hasaplanyldy. Kompaniýalaryň wekilleri “Maryazot” bilen ýerinde tanyşdylar hem-de olary taslama kuwwatlylygyna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy barada deslapky çaklamany berdiler.

Rus kompaniýalarynyň tekliplerine laýyklykda, ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgasyny hem-de beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu işleriň ýerine ýetirilmeginiň ammiak selitrasynyň daşary ýurtlardan satyn alynmagynyň zerurlygyny aradan aýyrmagyna hem-de kärhanany taslama kuwwatlygyna çykarmagyna we azotly mineral dökünleriň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022