“Türkmennebit” sanly tehnologiýalar arkaly nebit çykarmagyň netijeliligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” sanly tehnologiýalar arkaly nebit çykarmagyň netijeliligini artdyrýar
Häzirki wagtda sanlaşdyrma “Türkmennebit” döwlet konserniniň ähli pudagyny eýeledi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda oturdylan sanly tehnologiýalar gözegçilik işlerini dolandyrmagyň, nebit ýataklaryny özleşdirmegiň we nebiti çykarmagyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik döretdi. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Döwlet konserniniň aragatnaşyk we awtomatlaşdyryş bölüminiň ýolbaşçysy Wepa Kulyýewiň aýtmagyna görä, bu işler birnäçe ýyl mundan ozal sekiz sany haryt nebitiniň möçberini hem-de hilini görkeziji sanly ölçeýji ulgamlaryň oturdylmagy bilen başlapdy. Häzirki wagtda sanlaşdyrma konserniň ähli pudagyny eýeledi.

“Önümçiligiň hilini hem-de netijeliligini üpjün etmek üçin bölümiň hünärmenleri optiki-süýümli kabeliň üsti bilen döwlet konserniniň Balkanabatda ýerleşýän ähli bölümlerini “Uzboý”, “Burun” we “Barsagelmez” nebit ýataklaryna bagladylar” diýip, Kulyýew aýtdy.

Konserniň hünärmenleri rezerwuar parklaryny enjamlaşdyrmak maksady bilen Russiýanyň “Awtomatizasiýa-Metrologiýa-Ekspert” kompaniýasy bilen “УМФ300” kysymly köpfazaly ölçeýji enjamynyň 50 sany toplumyny getirmek barada şertnama baglaşdy.

Nebit guýularyny kämilleşdirmegiň birinji tapgyrynda hereket edýän guýularyň 550 sanysy uzakdan dolandyryş tertibine geçiriler.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda nebiti çykarmak we gaýtadan işlemek pudaklarynda sanlaşdyrma maksatnamalary durmuşa geçirilýär. 

2022