Türkmenistanda SNA boýunça onlaýn okuwyň ikinji tapgyry geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda SNA boýunça onlaýn okuwyň ikinji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde Milli hasaplar ulgamy boýunça onlaýn okuwyň ikinji tapgyry tamamlandy. (Surat: UNDP)

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde geçen anna güni Milli hasaplar ulgamy (SNA) boýunça onlaýn okuwyň ikinji tapgyry tamamlandy. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) resmi saýty habar berýär.

Bu okuw BMGÖM Türkmenistan we Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki kuwwaty güýçlendirmek” taslamasynyň dördünji tapgyrynyň çäginde gurnaldy.

BMGÖM-iň maksatnamalarynyň dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inkluziw ösüş meseleleri boýunça ýolbaşçysy Akmyrat Daňatarow “Şu günki çäräniň maksady, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Merkezi bankyň we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işgärleriniň 2008-nji ýyldaky SNA-nyň makroykdysady agregatlarynyň ykdysady mazmuny we maglumat mümkinçilikleri baradaky bilim derejesini ýokarlandyrmak” diýip belledi.

Geçirilen onlaýn okuwyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sertifikatlar bilen sylaglandy.

Onlaýn okuw Russiýa Federasiýasynyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Talaplar boýunça hünärmenler” maksatnamasynyň goldawy bilen gurnaldy.

Milli hasaplar ulgamy boýunça onlaýn okuwyň birinji tapgyry şu ýylyň 11-nji maýynda geçirilipdi.

2022