Türkmenistan nebitgaz önümçiligini ilkinji bäş aýda hem artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan nebitgaz önümçiligini ilkinji bäş aýda hem artdyrdy
2020-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metre golaýy çykarylyp, onuň 14 milliard kub metrden gowragy eksport edildi.

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 746 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy, şeýle hem 750 müň tonna benzin öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70 müň tonna benzin köp öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti habar berýär.

Bu öndürilýän möçber Türkmenistanyň içerki bazaryny kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, onuň käbir bölegi eksport hem edilýär.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Amyderýanyň kenarynda hem-de iri “Galkynyş” käninde täze önümçilik desgalaryny işe girizmek üçin Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlar çekilýär.

Maglumata laýyklyda, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda 4 million tonnadan gowrak nebit we gaz kondensaty gazylyp alyndy.

2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýurtda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metre golaýy çykarylyp, onuň 14 milliard kub metrden gowragy eksport edildi. Şeýle hem 86 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi, bu görkeziji 2019-njy ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 13 müň tonna köpdür.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz gorlary 50 trillion kubmetrden gowrak möçberde bahalandyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022