Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasynda ikitaraplaýyn eksport-import dolanyşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň habar bermegine görä, gepleşiklere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Söwda-senagat edarasynyň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem-de Russiýa Federasiýasynyň “Astrahan söwda-senagat palatasy” birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler.
Astrahanyň “Grand Fish" kompaniýasy bugdaýyň we beýleki däne ekinleriniň dürli görnüşleriniň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. TSTB-niň wekilleri öz gezeginde ýurtda öndürilen oba hojalyk we dokma önümlerini wideo arkaly görkezdi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar türkmen önümleriniň, şol sanda dokma harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň Astrahan oblastyna iberilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.