Daşoguzyň “Polimer önümleri” zawody 3.25 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň “Polimer önümleri” zawody 3.25 million manatlyk önüm öndürdi
Daşoguzyň “Polimer önümleri” zawodynda 16 millimetrden başlap, 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň jemi 23 görnüşi öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Polimer önümleri” zawodynyň önümçilik ulgamlarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar bermegine görä, şu ýylyň alty aýynda zawodda 3 million 242 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi.

Polimer öndürýän kärhananyň önümçiliginiň esasy bölegini 23 ölçeg görnüşli turbalar, geçirijiler üçin goşmaça enjamlar, öý hojalygynda giňden ulanylýan polimer önümleri düzýär. Zawodda alty aýyň netijesi boýunça 285,50 tonna polipropilen hem polietilen turbalary öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterim ösüş gazanyldy.

Zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Wepa Kakaýewiň aýtmagyna görä, kärhanada kämil hünärli, öz işlerine ussat işçi-hünärmenleriň 92-si işleýär. “Zawodyň önümçilik ulgamynda oturdylan kämil enjamlar, senagaty sanly ulgama geçirmek maksady bilen ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar işçi zähmetini sözüň doly manysynda ýeňilleşdirýär”.

“Kärhanada 16 millimetrden başlap, tä 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň jemi 23 görnüşi öndürilýär. Polipropilen turbalar birneme gatyrak bolýar. Polietilen turbalar bolsa has maýyşgak, geçirijiler gurlanda dürli ýagdaýda ulanmak mümkinçiligi ýokary hasaplanýar” diýip, Kakaýew önümleriň aýratynlyklary barada belledi.

Häzirki wagtda öý hojalygynda ulanylýan polimer önümleriniň möçberiniň hem ep-esli ýokarlanandygyny aýdan Kakaýew zawodda önümleriň hil derejesi hemişelik gözegçilikde saklanylýandygyny belleýär.

Halk hojalygynda kän ulanylýan maýyşgak gurşawlaryň, şeýle-de, azyk önümlerini salmaga niýetlenen, bir gezek ulanylýan gapjagazlaryň öndürilişi kärhanada has-da artdy. Gap-gaçlaryň 150 gramdan başlap, 800 gramlyga çenli göwrümlileri hem öndürilýär. 

2022