Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezi dörediler we şäherler sanlylaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezi dörediler we şäherler sanlylaşar
Türkmenistanyň Prezidenti şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işine paýtagt Aşgabatdan başlamak gerekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgeldi Öwezowa ýurtda Geomaglumatlar merkezini döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany bu işe paýtagt Aşgabat şäherinden başlamak gerekdigini aýtdy. “Inžener ulgamlary, binalar we ýer bölekleri hem sanlylaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça işler alnyp barylmalydyr”.

“Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge mümkinçilik berer” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we munuň şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Türkmen Lideri, şeýle-de sanlylaşdyrmagyň ýer böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip belledi.

Mejlisiň barşynda söwda we dokma pudagyna hem-de telekeçilik ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowyň hasabatyny diňlän Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere halkyň sarp edýän harytlary, ilkinji nobatda, azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini her gün berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýurt Baştutany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri Türkmenistanda öndürýän kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryny gurmagyň hem-de guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika toplumynda ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatyny diňlän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda gurulýan desgalaryň ýagdaýyny seljermek hem-de şolarda işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gaýtadan seretmegiň, şunda diňe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň ileri tutulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we geljek 2021-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti 31-nji awgustda we 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly çäreleriň geçiriljekdigini aýdyp, sentýabr aýynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem-de Garaşsyzlyk baýramynyň, dekabr aýynda bolsa Bitaraplygyň 25 ýyllyk ýubileýiniň bellenilip geçiljekdigini habar berdi.

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ýygnaklary wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly geçirmelidigini belläp, türkmen Lideri ministrleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bolsa, ýygnaklara bellenen arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, az sanly adamlary, ýagny diňe esasy ýolbaşçylary çagyrmagy tabşyrdy.