“Ülke” senagat enjamlaryna edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ülke” senagat enjamlaryna edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär
Kompaniýa energetiki enjamlarynyň serwis hyzmatlary uzakmöhletleýin şertnamalaryň esasynda ýerine ýetirýär.

“Ülke” hususy kärhanasy senagat sowadyjy we wentilýasiýa (şemalladyş, howany çalyşýan) enjamlaryna hyzmat etmek ýaly işiň täze görnüşini özleşdirdi. Bu barada anna güni “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.

Kärhananyň ýolbaşçysy A.Kurbatowyň aýtmagyna görä, şu ýyldan başlap energetiki enjamlarynyň serwis hyzmatlary uzakmöhletleýin şertnamalaryň esasynda ýerine ýetirilýär.

“Kompaniýanyň işiniň ýene bir täze görnüşi – gurluşyk we himiýa senagaty üçin çig maly almagyň we gaýtadan işlemegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakdyr. Hususan-da, tejribe barlaglary geçirildi we Türkmenistanda ilkinji gezek arassa grafitiň synag üçin niýetlenilen tapgyry alyndy” diýip, Kurbatow belledi.

Kompaniýanyň ýakyn geljekde durmuşa geçirjek meýilnamasyna energetika pudagy üçin daşary ýurtlardan getirilýän enjamlary öndürmek hem girýär.

Elektrik hereketlendirijileri, transformatorlary we generatorlary abatlamakda, gurnamakda we sazlamakda ýöriteleşýän “Ülke” hususy kärhanasy eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri dürli pudaklaryň kärhanalarynda elektrik üpjünçilik ulgamlaryny gurnamaga gatnaşýar.

2022