Eýran Türkmenistan bilen gaz söwdasyny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistan bilen gaz söwdasyny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär
Eýranda türkmen gazyny import etmekde hiç hili päsgelçilik ýokdyr diýip, Hasan Montazer Torbati belledi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň baş direktory Hasan Montazer Torbati Tähranyň Türkmenistan bilen gaz söwdasyny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada “ORIENT.tm” eýran köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp sişenbe güni habar berdi.

Türkmen gazynyň importy barada aýdylanda Montazer Torbati şeýle diýdi: “Gaz önümçiligini hem-de pudagyny ösdürmek meýilnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan bilen gaz söwda gatnaşyklaryna umyt bildirýäris hem-de bu pudakda täze ylalaşyklary baglaşmagy makullaýarys”.

Eýranda türkmen gazyny import etmekde hiç hili päsgelçilik ýokdyr, şonuň ýaly-da ýurtda bu akymyň ozalky ýaly dowam etjekdigine umyt bildirilýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaňy-ýakynda Halkara Arbitraž kazyýeti Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz jedeli boýunça öz çözgüdini yglan etdi. Jikme-jikligi entek aýan edilmedik çözgüde laýyklykda, Eýran 2007-2013-nji ýyllar aralygynda satyn alan gazynyň bergisini ýapmak üçin Türkmenistana ABŞ-nyň 2 milliarda golaý dollaryny tölemelidir.

2022