Türkmenabat şäherinde senagat garyndyly suwuklygyň önümçiligi ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabat şäherinde senagat garyndyly suwuklygyň önümçiligi ýola goýlar
Häzirki wagtda himiýa kärhanasynda senagat garyndyly suwuklygy öndürmek boýunça synag işleriniň soňky tapgyry dowam edýär.

Türkmenabadyň himiýa kärhanasy “Çelek” hususy kärhanasy bilen bilelikde täze önümiň – senagat garyndyly suwuklygyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda himiýa kärhanasynda bu önümi öndürmek boýunça synag işleriniň soňky tapgyry dowam edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Hytaý we Russiýa ýaly döwletleriň uly isleg bildirýän bu önümiň ilkinji tapgyry ýakyn wagtlarda öndürmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýyldan başlap her ýylda bu önümiň 1 müň tonna golaýyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Senagat garyndyly suwuklyk dag magdanlaryny owradyp almakda giňden ulanylýar. Bu suwuklygy ulanmak arkaly iň galyň gatlakly magdanlary-da aňsatlyk bilen özleşdirmek bolýar.