Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGIZT) 2 sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şertnama desgany 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde TNGIZT-iň öz serişdeleriniň hasabyna baglaşylar.
“Çalik Enerji” kompaniýasy Türkmenistanda energiýa ulgamynyň halkasyny döretmegiň taslamasyna gatnaşýandygyny ýatladýarys.Türk kompaniýasy ýokary woltly elektrik geçirijisi we beketler üçin telemehanika, kommunikasiýa we SCADA ulgamlaryny gurnar.